YNSAN HAKY BU NÄME?

ADAM-homosapiens biologik görnüş,erkek,aýal, çaga,şahsyýet.

HAK-kimdir birine rugsat berilen  ýa-da siziň hukugyňyz bolan zat,size kepil geçilýän erkinlik.

Ynsan haklary -siz adam bolup dogulanlygyňyz üçin eliňizdäki bar bolan haklar.Bu siziň şahsyýet hökmündäki haklaryňyz. Bu siziň islendik adamdan garaşýan we mynasyp zadyňyzdyr. Meselem: Erkin ýaşamaklyk haky, erkin öz pikiriňizi aýdyp bilmek haky we deňhukuklyk.

Haklaryň birnäçe görnüşler bar. Ol haklaryň köp bölegi diňe belli bir toparlara degişli bolup durýar. Emma ynsan haklary-adamyň kimdigine we nirdendigine seretmezden, adam bolanlygy üçin tebigy  haklarydyr, ýagny bu haklar çagalara, garrylara, garyplara,basketbolistlere we zibilçilere(musorçylara), reperlere we mugallymlara,afrikalylara, indeýislere we albaneslere, hristianlara,musulmanlara, kabolistlere we ateistlre, siziň ejeňize kakaňyza, siziň goňşyňyza we size degişlidir.

Ähli adamlar meňzeş ynsan haklaryna eýedirler. Başgaça aýdylanda, bu kanunlar-ähliumumy! Ýöne şonda-da, ynsan haklary diýilen haklaryň doly manysy näme?

Birleşen Milletler Guramasynyň aýtmagyna görä  30 sany ähliumumy ynsan haklary bar. Adatça olaryň ählisini birleşdirip, ýöne- ynsan haklary diýip atlandyrýarlar. Bu haklaryň ählisi ÄHLIUMUMY YNSAN HAKLARY -bütin dünýäde kabul edilen iň ýörgünli ynsan haklary hakyndaky dokument bolan  deklorasiýada sanalyp geçilýär. Ýöne bu haklara gelmek gaty ýeňil bolmady.

Ilki başda ynsan haklary düýbünden ýokdy. Eger-de siz dogry tarapda bolsaňyz, siz özüňizi howpsuzlygyňyzy üpjün edip bilýärdiňiz we tersine. Ýöne günleriň birinde BEÝIK KIR  atly patyşa bu deňsizligi aýyrmak isledi. Wawilon Döwletini basyp alandan soň, ol täze bir rewolision hereketi amala aşyrdy.OL ÄHLI GULLARYŇ MUNDAN BEÝLÄK AZATDYGYNY JAR ETDI,  SAÝLAP ALAN DININE ERKIN UÝMAKLYGA DOLY HAKYNYŇ BARDYGYNY AÝTDY.

Onuň sözlerini palçykdan ýasalan silindrde ýazdylar we ol silindre KIRIŇ silindri diýip at berdiler. Şeýdip ynsan haklary, ilkinji gezek emele geldi. Bu idea gaty çalt dünýä ýaýrap başlady. Gresiýa,Hindistan we ahyr soňy Rim imperiýasyna hem baryp ýetdi. Emma Rimde ynsan haklary barada aýdylmasa-da,jemgyýet şol kanunlar bilen ýaşandygyna göz ýetirildi. Bu esasda hem Rimde bu kanunlar-TEBIGY KANUN diýip atlandyryldy. Emma baýlar we elinde häkimiýet bolan adamlar bu kanunlara garşy çykýardylar. Diňe 1000  ýyl geçenden soňra Angliýada her kime, hat-da korola hem ynsan haklarynyň eldegirilmesizdigini mejburu ýagdaýda kabul etdirildi. Ahyr soňy ynsan haklary dolylygyna ykrar edildi we ol haklar häkimiýetden garaşsyz boldy; bolekleýin. Bir topar Britan gozgalaňçylaryň, angliýanyň korolyna özleriniň bagly däldigini dolylygyna subut edýänçeler, korola ähli adamlar dogulandan deňhukuklyga eýedigi düşüniksizdi. Elbet-de ol bu idea begenip duranokdy,ýöne karol olary saklap bilmeýärdi. Şeýdip ABŞ döredi. Ondan soň Fransuzlar öz haklaryny üçin Fransuz rewolusiýasyny etdiler, olaryň haklarynyň sanawy biraz uludy we bu haklar oýlanyp tapylan haklar bolman , tebigydygyny tekrarladylar. Şeýdip RIMLILERIŇ TEBIGY KANUNLARY-TEBIGY HAKLARA öwrüldi. Gynançly ýagdaýyň biri, bu ýagdaý hemme kimiň hoşuna gitmedi.

Fransiýada general Napoleon täze demokratik gurluşy ýykyp özüni täze imperator, dünýäniň imperatory yglan etmek isledi we tas diýen ýaly  bu zat oňa başardypdy. Emma Ýewropanyň ýurtlary öz aralarynda birleşip bu zalymlygy ýeňdiler, netijede ynsan haklary täzeden dikeldildi  we bütin Ýewropanyň adamlary ynsan haklaryny yzyna gaýtaryp aldylar. Emma diňe ýewropada, dünýäniň galan bölekleri bir şekilde beýle gymmatlyga mynasyp bolmadylar. Oňa derek  Ýewropanyň uly imperiýalary beýleki döwletleri basyp alýardylar. Günleriň birinde Hindistanly ýaş adwokat  ähli zadyň çeni-çaky bar diýen netije geldi. Ol adwokadyň ady-MAHAT MA GANDI. Bolýan zorluklaryň garşysynda diňe bir ýewropanyň adamlarynyň däl-de, eýsem,ähli adamlaryň ynsan haklarynyň bardgyny aýdyp başlady. Netijede ýewropanyň ynsanlary hem onuň syýasatyny makullap başladylar. Ýöne ýene-de päsgelçilik döredi. Dünýäde iki sany jahan urşy bolup geçdi. Gitler bütin dünýädäki ýahudy milletiniň 50%-ni diýen ýaly natsist lagerlerinde gyrdy. Umuman 90 million ynsan gyryldy. Taryhda hiç haçan bu derejede ynsan haklary dolylygyny ýitirilmek howp astynda bolmandy we dünýä hiç haçan bu derejede üýtgeşiklere mätäç bolmandy. Ahyry Dünýäniň ýurtlary birigip-BMG(BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNY) döredildi. Bu guramanyň maksady bütin dünýäde täzeden ynsan haklaryna bolan ynamy,ynsanyň şahsyýetiniň gymmatlygyny  we hormatyny dikeltmek bolup durýardy. Ýöne ynsan haklary bu näme?

Kiriň kanunymy ýa-da gadymy Rimiň kanunymy, ýa-da Fransuz deklorasiýasymy? Göräýmege  ynsan haklary barada her kimiň özüniň garaýşy bar ýaly,emma Elianora Ruzweldiň baştutanlygynda ahyr soňy dünýädäki ähli adamlara degişli bolan haklaryň sanawy düzüldi.Oňa Ähliumumy ynsan haklary diýilp at berildi. Fransuzlaryň tebigy haklary, ynsan haklaryna öwrüldi.

Şeýlelikde bir agyz sözde aýdylanda, ilki başda bary ýogy sanagly adamlar haklara eýedi, tä birisi :”Eý, ähli adamlar deň haklara eýe bolmaly” diýýänçe we bu örän gowydy. Emma bu zat bilen hemme kim razy bolmady. Ähli adamlaryň ynsan haklaryny kabul etmekligi üçin bary ýogy birnäçe müňýyllyk uruşlar, deklorasiýalar , uruşlar we ýene deklorasiýalar zerur boldy.Şeýdip ynsanlar aladasyz, dostlyk atmosferasynda ýaşap başladylar. Ýöne…. ýene-de bir ýönelik bar?

Bir güniň dowamynda 16 müň sany çaga bütin dünýäde açlykdan ýogalýar, ortaça 5 sekunda 1 çaga ýogalýar. Eger-de ynsanlar erkin sözläp bilýän bolsalar, näme sebäpden müňlerçe ynsanlar öz pikirini aýdanlygy sebäpli türmelerde ýatyr? Eger-de ähli adamlaryň bilim almana haky bolsa, näme sebäpden dünýäde millionlarça sowatsyz adamlar bar? Eger-de gulçulyk doly ýatyrylan bolsa, näme sebäpden 27 mln ynsan häli şindi gulçulykda? Göz öňüne getiriň-1980 ýylyň hasabyndan hem 2 esse köp.

Esasy mesele, ähliumumy ynsan haklary häkynda deklorasiýa gol çekilende, onuň kanuny güýji ýokdy. Ynsan haklaryny diňe isleýänler saklaýardy.Emma wagtyň geçmegi bilen ol dolylygyna kanuna öwrüldi.Gynansakda birnäçe dokumentlere, şertnamalara we konwensiýalara seretmezden, köp adamlar üçin ynsan haklary diňe kagyzyň ýüzünde ýazylan ýazgy bolup durýar.

ASYL MESELE BU ÝAZGYLARY KIM HAKYKAT ÖWÜRIP BILÝANLIGINDE JEMLENÝÄR.

Martin Luter King- rassalaryň arasyndaky deňlikleri goldap ýörişleri geçirende, BMG-niň kabul eden ynsan haklar deklorasiýasynda ýazylan haklary 20 ýyl ondan öň nygtap gelýärdi. Ýöne ol göreşýärdi! Nelsen Mandella 90-njy ýyllarda sosial adalatlyk barada çykyş edýän döwri, onuň ýurdy ynsan haklar deklorasiýa gol çekipdi. Ýöne ol göreşýärdi! Häzirki döwürde adam gynamalaryna, garyplyga we diskriminasiýalara garşy göreşýän ynsanlar,  gigant  ýa-da supergeroý däl. Olar adamlar,çagalar,eneler,atalar,mugallymlar, dymmaaýan adamlar.Bu adamlar ynsan haklarynyň diňe bir taryh sapagynyň däldigini düşünýärler, ol haklaryň diňe kagyz ýüzündäki ýazgy däldigine düşünýärler. Bu haklar ýöne bir söz, piar ýa-da reklama däl. Ynsan haklary her bir adamyň bu islendik adamyň gündelik durmuşynda edýän saýlawy, seçimi,bu biziň boýnumyzdaky jogaapkärçilik,biri-birimize bolan hormat,özara ýardam bolup durýar. Elianora Ruzweldiň aýdyşy ýaly:” Ähliumumy ynsan haklary nämeden başlanýar?

Uly bolmadyk ýerlerden, öýe has ýakyn ýerlerden, ol ýerler şeýle bir kiçi, olary hat-da kartadan hem tapmak kyn. Emma her bir şeýle ýer , şol ýeriniň adamy üçin bütin dünýä, adamyň ýaşaýan kwartaly,onuň okaýan mekdebi ýa-da kolleji, işleýän zawody ýa-da ofisi, ol ýer islendik erkegiň, aýalyň we çaganyň deň adalatlylygy, deň mümkinçilikleri,deň, diskriminasiýasyz mertebeli ýaşamaklygy islenilýän  ýer. Eger-de şol ýerlerde ynsan haklary diýilen haklar öz manysyna doly eýe bolmasa, onda bu haklar hem başka ýerde-de gymmatsyz bir gury söz  bolup galýar.

ÖZ HAKLARYŇYZY BILIŇ!

08.06.2023

https://www.humanrights.com/ web maglumatyň türkmen diline terjimesi

Kurbanow Reýimberdy

Последние новости

ВИДЕО